Oşuň ozalky häkimi Gyrgyzystana dolandy, ýurt “howply ýagdaýda” diýdi
Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň maglumatyna görä, Myrzatkamow gije-ýaryndan soň Türkiýeden Oşuň aeroportuna gonupdyr. Mundan soň hem, ol şäheriň merkezi meýdançasynda oňa garaşyp duran müňlerçe adamyň ýanyna gidipdir.
Myrzatkamow olary “milli jebisligi saklamaga, şeýle-de ýurtda graždançylyk urşuny turzup, ýurdy bölmäge gyzyklanma bildirýän güýçlere garşy durmaga” çagyrdy.
Şeýle-de, ol parlament saýlawlarynyň “gaty hapa” bolandygyny we diňe mynasyp adamlaryň gyrgyz parlamentine saýlanylmalydygyny aýtdy.
5-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw topary partiýalaryň sesleri satyn almak arkaly ýeňiş gazanandyklaryny aýdyp, köçelere çykan we edara binalaryna giren müňlerçe protestçiniň talabyny kanagatlandyryp, 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerini ýatyrdy.
Dürli syýasy güýçler häkimiýeti öz eline geçirendiklerini aýtdylar, prezident Sooronbaý Jeenbekow muny hökümet agdarylyşygy diýip atlandyrdy. Mundan başga-da, Jeenbekow durnuklylyga çagyrdy. Onuň häzir nirededigi nämälimligine galýar.
Merkezi saýlaw topary saýlawlaryň gaýtadan geçiriljekdigini aýtdy. Emma başga goşmaga maglumat bermedi.
