Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

Azerbaýjan, Ermenistan ok atyşyklary bes etmek ylalaşygyny bozmakda birek-biregini aýyplaýar

0
Ermenistan we Azerbaýjan güýçleri jedelli Daglyk-Garabag sebiti üstünde ok atyşyklary dowam etdirýärler. Bu halkara jemgyýetçiliginiň Russiýanyň araçylygynda gelnen ok atyşyklary bes etmek baradaky gumanitar ylalaşygyna ygrarly bolmak çagyryşlaryna garamazdan bolup geçýär.


Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň 13-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, öten agşam konflikt zonasynyň ençeme sebitinde ýagdaýlar dartgynly ýagdaýda saklanypdyr. Ministrlik Ermenistanyň harby güýçlerini şu gün ir bilen Tartar etrabyny oka tutmakda aýyplady.


Ermenistanyň Goranmak ministrligi muny ret etdi. Şeýle-de, Azerbaýjan tarapynyň front çyzygynyň “günorta, demirgazyk we demirgazyk-gündogar sektorlary boýunça raketa we artilleriýa toplaryny atyp, öz hereketlerini dowam etdirendigini” aýtdy.


Taraplar 10-njy oktýabrda Moskwada gelnen ok atyşyklary bes etmek ylalaşygyny bozmakda birek-biregini aýyplaýarlar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса