Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

Etniki çeçen tarapyndan öldürilen mugallymy hormatlamak üçin Pariže müňlerçe adam ýygnandy

0
18-nji oktýabrda müňlerçe adam okuwçylara Muhammet pygamberiň karikaturasyny görkezendigi üçin bir etniki çeçen raýaty tarapyndan kellesi kesilen mekdep mugallymyny hormatlamak üçin merkezi Pariže müňlerçe adam ýygnandy.


Demonstrantlar merkezi Parižiň Respublika meýdanyna gül goýdular hem-de pidanyň, Samuel Patynyň hatyrasyna “Ýok bolsun pikir totalitarçylygy”, “Men mugallym” diýen ýazgyly plakatlary göterdiler.


“Biziň milli bitewiligimizi, biziň jebisligimizi we mobilizasiýamyzy görkezmegimiz örän möhüm” diýip, Žan-Mişel Blankuer (Jean-Michel Blanquer) “Fransiýa 2” telekanalyna beren interwýusynda aýtdy hem-de hemmeleri mugallymy goldamaga çagyrdy.


Lion, Tuluza, Strasburg, Nant, Marsel, Lille we Bordo şäherlerinde-de ýygnanyşyk guramalaşdyryldy.


Paty 16-njy oktýabrda 18 ýaşly moskwaly çeçen bosguny Abdullah A. tarapyndan öldürildi diýip, fransuz häkimiýetleri aýtdy. Ganhor Parižiň çetinde ýerleşýän mekdebiň golaýynda mugallymyň kellesini kesenden gysga wagt soň, polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса