Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2020

Owgan paýtagtynda guralan hüjümlerde üç adam öldürildi

0
Kabul polisiýasy Owganystanyň paýtagtynda aýry-aýry bomba we ýarag hüjümlerinde azyndan üç adamyň öldürilendigini habar berdi.


13-nji dekabrdaky zorlukly wakalar şähere we howa menziline bir topar minomýot oky atylyp, azyndan bir adam öldürilenden bir gün soň boldy.


Kabul polisiýasynyň başlygynyň metbugat sekretary Ferdaws Faramarz bronly ulaga ýelmenen magnitli  bombanyň iki adamyň ölmegine, iki adamyň bolsa ýaralanmagyna getirendigini aýtdy.


Şeýle-de ol, hökümet prokurorynyň Kabulyň gündogaryndaky edarasyna barýan wagtynda atylyp öldürilendigini aýtdy.


Hüjümleriň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady.


Şu aralykda, Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, resmiler günortadaky Kandahar şäherinde 13-nji dekabra geçilen gijede, howa we gury ýer hüjümleri netijesinde guralan gazaply hüjümde onlarça talyban söweşijisiniň öldürilendigini habar berdiler. 


Soňky aýlarda, “Talyban” bilen Owganystanyň hökümet wekilleriniň arasynda guralýan gepleşiklerde parahatçylyk şertnamasyny baglaşmaga edilýän synanyşyklara garamazdan, Owganystandaky zorlukly wakalara has köpelmäge başlady.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса