Azerbaýjanly tussag bankiriň aýalynyň Britaniýadaky 'baýlygyna' degişli arzy ret edildi
Britaniýanyň Ýokary sudy 21-nji dekabrda Zamira Hajiýewanyň Britaniýanyň Milli jenaýat gullugy (NCA) tarapyndan düşündirilmedik baýlygyna degişli gozgan sud işinden şikaýat edip, ýazan arzasynyň ret edendigini aýtdy.
Hajiýewa indi öz baýlygynyň çeşmesini düşündirip bilmese, Londonyň merkezi Knightsbridge etrabyndaky kaşaň jaýyny we Berkşirdäki golf meýdançasyny ýitirip biler.
Bu emlägiň bahasy 2018-nji ýylyň fewral aýynda iş başlananda jemi 22 million funta (29,2 million dollara) barabardy.
Hajiýewanyň adamsy Jahangir Hajiýew, döwlet tarapyndan dolandyrylýan Azerbaýjan Halkara Bankynyň öňki başlygy. Ol öz ýurdunda galplyk we ogurlyk aýyplamalary sebäpli uzak möhletli türme tussaglygyny başdan geçirýär.
Britaniýanyň Ýokary sudy Hajyýewanyň şikaýat etmegine hiç bir kanuny esasyň ýokdygyny aýtdy.
