Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2021
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19
20
21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

ABŞ, NATO Owganystandan goşun bölümlerini resmi taýdan çykaryp başlady

0
Birleşen Ştatlar we NATO 1-nji maýda Owganystandan soňky galan goşun bölümlerini hem resmi taýdan çykarmaga başlap, parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmazlygy bilen bilelikde möwjeýän zorlukly wakalar arasynda uruşdan tozan ýurdy näbelli geljege galdyrýar. 


ABŞ-nyň 3500-e golaý esgeri we 7000 töweregi NATO esgeri 11-nji sentýabrda Owganystandan çykmaly. Bu daşary ýurt goşunlarynyň Owganystanda iki onýyllyga çeken hereketleriniň soňlanmagyna getirer.


ABŞ we NATO goşunlary, şeýle hem harby enjamlar ýurtdan çykarylyp başlandy,  sebäbi 1-nji maýda Waşingtonyň 2020-nji ýylyň fewral aýynda “Talyban” bilen ylalaşan möhleti gutarýar.


Has ýüreklenen “Talybanyň” goşun çykarylýan wagtynda hüjüm etmek ähtimallygy baradaky aladalar arasynda NATO resmisi islendik hüjüme berk gaýtawul beriljekdigini aýtdy.


30-njy aprelde giçlik Içeri işler ministri wezipesini ýerine ýetiriji Haýatulla Haýat “Talybanyň” zorlukly wakalary köpeltmek ähtimallygyna salgylanyp, ýokary derejeli polisiýa serkerdelerine "şäherlerdäki barlag nokatlarynyň sanyny köpeltmegi we giriş derwezelerinde gözleg-agtaryş işlerini geçirmegi" tabşyrdy.


Şu aralykda, 30-njy aprelde Logar welaýatynyň paýtagty Pul-e Alamda  partladylan ulag bombasy  azyndan 26 adamyň ölmegine we 100-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса