HRW Owganystanyň saglyk ulgamynda 'howp dörediji' çäklendirmelerden saklanmaga çagyrdy
Gurama ýakyn aýlarda daşary ýurt güýçleriniň ýurtdan çykmaga taýýarlyk görýän wagtynda kömegiň hasam azalmagyna garaşýandygyny aýtdy.
Düýbi Nýu-Yorkda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy gurama 6-njy maýda çap edilen hasabatynda owgan aýal-gyzlarynyň medisina kömegini almaga synanyşanda çübe-ýüz bolýan päsgelçilikleri, şeýle hem halkara donorlarynyň goldawynyň azalmagy zerarly saglygy goraýyş ulgamynyň ýaramazlaşmagy barada maglumat berýär .
Maliýe serişdeleriniň azalmagy köp aýallaryň we gyzlaryň durmuşyna eýýäm zyýanly we janyna howp salýan täsir ýetirdi, sebäbi bu saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligine we hiline täsir edýär diýlip, hasabatda aýdylýar.
HRW guramasynyň aýal-gyzlaryň hukuklary boýunça wagtlaýyn direktory Heather Barr "halkara donorlary daşary ýurt goşunlarynyň çykarylmagynyň "Talybanyň" ýurda has köp gözegçilige eýe bolup-bolmajagyny görmek üçin garaşmak oýny bilen başagaý bolýarlar" diýdi.
"Ýöne bu, ýardam beriji toparlar tarapyndan howpsuz bolmadyk we "Talybanyň" gözegçiligindäki regionlarda ýola goýlan möhüm hyzmatlaryna zerur serişdeleri azaltmak üçin bahana bolmaly däldir" diýip, HRW guramasynyň wekili aýtdy.
