Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2021
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19
20
21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Blinken ABŞ-nyň Ukrainanyň 'özygtyýarlylygyny we territorial bitewligini' goldaýandygyny tassyklady

0
Prezident Jo Baýdeniň administrasiýasynyň ýokary derejeli resmilerinden ilkinji bolup Kiýewe sapar edýän ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Waşingtonyň Ukrainanyň özygtyýarlylygyna, territorial bitewiligine we garaşsyzlygyna ygrarlydygyny tassyklady.


"Men bu ýere ýönekeý bir sebäp bilen geldim prezident Baýdeniň adyndan biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ygrarlylygymyzy, Ukrainanyň özygtyýarlylygyna, territorial bitewiligine we garaşsyzlygyna ygrarlydygymyzy beýan etmek üçin" - diýip Blinken 6-njy maýda aýtdy.


Blinkeniň bir günlük sapary Russiýa bilen dartgynlylygyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz bolan ýurda goldaw bermek maksadyna gönükdirildi.


Blinken 5-nji maýda twitterde çap eden maglumatynda bu saparyň "Russiýanyň dowam edýän agressiýasyny ara alyp maslahatlaşmak we ukrain hyzmatdaşlary bilen reformalaryň depginini saklamagyň we ünsi jemlemegiň zerurdygyny nygtamak we ünsi çekmek üçin möhüm pursat boljakdygyny" aýtdy.


Bu saparyň dowamynda Amerikanyň ýokary derejeli diplomaty prezident Wolodymyr Zelenskiý, Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Ukrainanyň mejlis agzalary we raýat ýolbaşçylary bilen duşuşýar.


Zelenskiý ABŞ-dan Ukrainanyň NATO harby bileleşigine goşulmak islegine goldaw berýan signallary eşitmek isleýändigini aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса