Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2021
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19
20
21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Ýaponiýa adatdan daşary ýagdaýy giňeldýär; Orsýet Sputnigiň ýeňil görnüşini tassyklady 

0
Ýapon hökümeti 7-nji maýda Tokioda we beýleki üç sebitde COVID-19-a garşy adatdan daşary ýagdaý düzgünini maý aýynyň ahyryna çenli uzaltmakçy bolýar.


Bu çäre ýurduň tomusky Olimpiýa oýunlaryna beýemçilik etmezinden birnäçe aý öň möwjän koronawirus keseliniň öňüni almak tagallalary bilen bagly.


Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň 23-nji iýulda başlanmagyna bary-ýogy üç aý galansoň, teklip edilýän çäreleriň tassyklanmagyna garaşylýar. 


Geçen ýyl pandemiýa sebäpli yza süýşürilen Olimpiýa oýunlarynda Tokiýonyň 11,000-den gowrak türgeni garşylamagyna garaşylýar.


Ýaponiýa eýýäm daşary ýurtlardan geljek tomaşaçylary gadagan etmek kararyna geldi. Ýaponiýa wirusdan beýleki ýurtlar ýaly kän  ejir çekmedi, ýöne sanjym kampaniýasy haýal barýar.


Sanjym etmekde yza galýan ýene bir ýurt bolsa Orsýet. 6-njy maýa çenli bu ýurtdaky 146 million adamyň bary-ýogy 9 prosenti COVID-19 sanjymynyň azyndan bir dozasyny aldy.


Russiýanyň düzgünleşdirijileriniň 6-njy maýda Sputnik-Lighty, sanjymyň ýeňil görnüşini  tassyklamagy bilen, bu iş birneme güýçlendi.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса