Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2021
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19
20
21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Üç günlük baýramcylyk ýaraşygyndan soň, Owganystandaky söweşler gaýatdan başlandy

0
“Talyban” bilen Owganystanyň hökümet güýçleriniň arasynda barýan söweşler 16-njy maýda,  garşydaş taraplaryň Oraza baýramy mynasybetli baglaşylan üç günlük ýaraşygyň tamamlanmagy bilen, durnuksyz Helmand welaýatynda gaýtadan başlandy diýip, resmiler aýtdy.


ABŞ şu aýyň başynda Owganystandaky soňky goşunlaryny çykarmaga başlaly bäri söweşleriň ýygjamlaşan ýeri bolan Helmand welaýatynyň paýtagty Laşkar Gahyň eteginde birnäçe çaknyşyk boldy diýip, Owganystanyň harby sözçüsi we ýerli resmi aýtdy.


"Söweş şu gün irden başlandy we henizem dowam edýär" diýip, welaýat geňeşiniň başlygy Attaullah Owgan AFP habar gullugyna aýtdy. Ol talyban söweşijileriniň Laşkar Gahdaky we beýleki etraplardaky howpsuzlyk-barlag nokatlaryna hüjüm edendigini aýtdy.


Günortadaky owgan goşunynyň metbugat wekili söweşiň gaýtadan başlandygyny tassyk etdi. “Talyban” toparynyň metbugat wekili Zabihullah Mujahid "operasiýany [owgan güýçleri] başlady ... bizi günäkärlemäň" diýdi.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса