Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2021
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19
20
21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Netanýahu Gaza zarbalarynyň “näçe gerek bolsa, şonça hem dowam etjekdigini” aýdýar

0
Waşingtondan we BMG tarapyndan edilen asudalyk çagyryşlaryna garamazdan, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Palestina söweşijilerine garşy alnyp barylýan kampaniýanyň "näze wagt zerur bolsa, şonça hem dowam etdiriljekdigini" aýtdy.


Netanýahu bu duýduryşy 15-nji maýda, Gaza gözegçilik edýän yslamçy topar bolan Hamazyň ýokary derejeli resmilerini we serkerdelerini nyşana alýan tapgyrlaýyn howa hüjümlerinden soň çap etdi.


“Siz ne ýeriň üstünde, ne-de astynda gizlenip bilersiňiz. Hiç kime kepillik ýok" diýip, Netanýahu aýtdy we Ysraýylyň Hamaza garşy alyp barýan kampaniýasynyň “adalatly ýa-da ahlakly kampaniýanyň ýokdugyny” belledi.


Ysraýylyň 15-nji maýda uran howa zarbalary Hamazyň bir ýokary derejeli syýasy işgäriniň öýüne gönükdirildi we Gaza şäherinde halkara habar serişdeleriniň edaralarynyň ýerleşýän beýik binasyny ýykdy.


Palestinalylar 10-njy maýda söweş başlanaly bäri Gazada azyndan 145 adamyň, şol sanda 41 çaganyň ölendigini we 1100 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar. Ysraýyl 10 adamyň, şol sanda iki çaganyň ölendigini habar berdi.


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 15-nji maýda Netanýahu we Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen gürleşip, olary asudalyga çagyrdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса