Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2021
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19
20
21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Braziliýalylar prezidentiň görmedik COVID-19 çärelerine nägilelik bildirdi

0
COVID-19 pandemiýasyna garşy görmedik çäreleri sebäpli, Braziliýanyň prezidenti Jeýr Bolsonaro 29-njy maýda has köp protest bilen ýüzbe-ýüz bolsa, wýetnam häkimiýetleri  hindi we iňlis görnüşleriniň utgaşmasy bolan täze koronawirus görnüşini ýüze çykarandyklaryny aýtdylar.


Koronawirus krizisinde meşhurlygy azalan Bolsonaro garşy bildirilýän gahar-gazap çäresine goşulyp, Rio de Žaneýroda gurnalan soňky protestde 10,000 töweregi adam ýöriş etdi.


Braziliýanyň iň uly şäheri bolan Sao-Pauloda maska geýen müňlerçe adam şäheriň iň uly şaýollarynyň birini petikledi, olaryň ýokarsynda Bolsonarony arwah hökmünde şekillendirýän uly şar  görünýärdi.


COVID-19 Braziliýada 461,000-den gowrak adamyň ölümine sebäp boldy. Bu  ölenleriň sany 594,000-den gowrak adam bolan ABŞ-dan soň ikinji ýer bolýar.


Wýetnamda bolsa, saglyk ministri Nguyen Thanh Long täze COVID-19 görnüşiniň ýüze çykarylandygyny, onuň ilkinji gezek Hindistanda we Angliýada ýüze çykarylan iki sany belli görnüşiň gibrididigini aýtdy. 

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса