Eýran-Owganystan demirýol gurluşygyny goraýan alty goragçy öldürildi
Hyrat sebitiniň häkimi Wahid Katali öldürilenleriň demir ýoluň Gorýan etrabyndan geçýän ýerini gorandyklaryny aýtdy.
Owganystanyň demirýol gullugy 29-njy maýda Eýran-Owganystan infrastruktura taslamasyna edilen hüjümi tassyklady.
Gurlup gutarylsa, 225 kilometre uzaýan serhetýaka ýol Eýranyň Haf şäherini günbatar Owganystanyň Hyrat şäheri bilen baglanyşdyrar.
Owganystanyň demirgazyk-gündogar Kapisa welaýatynda bolsa, toý dabarasyna atylan minomýot azyndan ýedi adamy öldürdi.
Şeýle-de, 29-njy maýda demirgazyk Parwan welaýatynda talyplary we uniwersitet mugallymlaryny alyp barýan mikroawtobus ýol ýakasyndaky bombanyň üstünden baranda azyndan dört adam ölüp, 11 adam ýaralandy.
