Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2021

Germaniýa Türkmenistany COVID-19 boýunça ýokary howp derejesindäki ýurtlaryň hataryna goşdy

0
Germaniýanyň Daşary işler ministrligi öz raýatlaryna 2021-nji ýylyň 8-nji awgustyndan başlap Türkmenistana zerur bolmadyk syýahatçylyk saparlaryny amala aşyrmazlyk barada duýduryş ýaýratdy. Bu duýduryş bilen, Germaniýa dünýäde Türkmenistany COVID-19 boýunça ýokary howp derejesindäki ýurtlaryň hataryna goşan bilinýän ilkinji ýurt boldy.


6-njy awgustda ministrligiň websaýtynda çap edilen duýduryşda Türkmenistandaky epidemiologiki ýagdaý barada hem maglumat berilýär.


Onda Türkmenistanyň COVID-19-dan ejir çekýändigi, ýöne "resmi maglumat syýasaty sebäpli onuň derejesini anyklap bolmaýandygy" aýdylýar.


"Habar berilmedik hadysalaryň sanynyň köpdügini çaklap bolar. Saglyk ulgamy öz mümkinçiliginden aşa ýüklenen. Şonuň üçin Türkmenistan 2021-nji ýylyň 8-nji awgustyndan başlap ýokary howp derejesindäki sebit hökmünde kesgitlenýär" diýip, ministrlik bu kesgitlemäniň haçana çenli dowam etjekdigi barada wagt möhletini bermeýär.




Şeýlelikde, Germaniýa dünýäde Türkmenistany COVID-19 boýunça ýokary howp derejesindäki ýurtlaryň hataryna goşan bilinýän ilkinji ýurt boldy.


Germaniýanyň bu duýduryşy Türkmenistanda koronowirusyň ýekeje hadysasynyň-da hasaba alynmandygy barada türkmen hökümetiniň tekrarlaýan beýanatlaryny hem ýalana çykarýana çalym edýär.


Ýatlasak, şu ýyl Türkmenistanyň hödürleýän resmi ykdysady görkezijileri hem iri halkara maliýe guramalarynyň ikisi tarapyndan alga alynman başlandy. Halkara walýuta fondy we Bütindünýä banky öz hasabatlarynda türkmen hökümetiniň resmi statistiki sanlaryny ulanmagy bes etdiler.


Şeýle-de, Germaniýanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistana girmek boýunça umumy gadaganlygyň bardygyny belläp, häzirki wagt ýurda Türkmenabadyň aeroportundaky we Türkmenbaşynyň portundaky serhet geçelgelerinden diňe deslapky tassyknama bilen girip bolýandygyny aýdýar.


"Soňra syýahatçylar Ýewropanyň talaplaryna laýyk gelmän bilýän döwlet ýaşaýyş jaýynda üç hepdelik karantini tamamlamaly bolýarlar" diýlip, duýduryşda bellenilýär.


Bu duýduryş, ýurtda koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň we ölýänleriň köpelýän, şeýle-de, türkmen häkimiýetleriniň bu wirusa garşy ätiýaçlyk çärelerini günsaýyn güýçlendirýän wagtyna gabat geldi.


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda koronawirusyň ýokdugy barada soňky gezek 29-njy uýunda çykyş etdi. Şonda döwlet baştutany COVID-19-a garşy has täsirli sanjym satyn almagy talap etdi, ýöne ýurtda COVID-19 keseliniň hasaba alynmandygyny ýene bir gezek öňe sürdi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса