Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2021

Şwesiýada uruş jenaýatlarynda aýyplanýan eýranlynyň sud işi başlandy

0
1988-nji ýylda müňlerçe syýasy dissidentiň jezalandyrylmagyna gatnaşmakda aýyplanýan Eýranyň öňki prokurory 10-njy awgustda Şwesiýada sud edilýär. Bu ýagdaýyň Yslam respublikasynda dartgynly kabul edilmegi çak edilýär


Şwesiýanyň prokurorlary 60 ýaşly Hamid Nurini Eýranda 1988-nji ýylda hökümetiň buýrugy bilen 5000 töweregi syýasy tussagyň jezalandyrylmagy bilen bagly uruş jenaýatlaryna baş goşmakda güman edýär.


Prokurorlar Nuriniň 1988-nji ýylyň iýul-awgust aýlarynda Eýranyň Karaj şäheriniň daşyndaky Gohardaşt türmesinde prokuroryň orunbasarynyň kömekçisi bolup işländigini we ol ýerdäki agyr wagşyçylyklara gatnaşandygyny aýdýarlar.


Aklawçy Tomas Soderkwist Nuri 1988-nji ýyldaky ölüm jezasyna gatnaşmak aýyplamalary ret edýär -diýip 10-njy awgustda aýtdy.


Şwesiýanyň ähliumumy ýurisdiksiýa ýörelgeleri, sudýalara adam öldürmek ýa-da uruş jenaýatlary ýaly jenaýat işleriniň nirede bolandygyna garamazdan, sud işini açmaga mümkinçilik berýär.


10-njy awgustda irden başlanan sud işiniň geljek ýylyň aprel aýyna çenli dowam etmegine garaşylýar. Suduň üç günlük diňlenişigine onlarça şudýa gatnaşýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса