Aziýa yklymynda COVID ýagdaýlary gürelýär
Günorta Koreýada pandemiýa başlanaly bäri gündelik ýolugýanlaryň rekord sany hasaba alnyp, ol 2 müň adamdan hem aşdy. Günorta Koreýa pandemiýanyň aglaba döwründe wirusy belli bir derejede jylawlamagy başaran bolsa-da, soňky hepdeleriň dowamynda koronawirusyň delta görnüşiniň ýaýramagynyň öňüni almakda kynçylyklary çekýär.
Wirus Malaýziýa, Taýlanda, Indoneziýa, Wýetnama, Filippinlere hem uly zarba urdy. Munuň bilen baglylykda girizilen saglyk çäklendirmeleri regionyň ykdysadyýetine hem eýýämden ýaramaz täsirini ýetirip başlady.
