Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2021

Orsýetiň Kabuldaky ilçisi 'Talyban' bilen duşuşar

0
Russiýanyň Owganystandaky ýokary derejeli resmisi ýurduň Dmitriý Žirnow 17-nji awgustda "Talyban" hereketiniň wekilleri bilen duşuşyp, rus raýatlarynyň we ilçihananyň işgärleriniň howpsuzlygyny ara alyp maslahatlaşar. 


Russiýanyň prezidentiniň doly ygtyýarly wekili Zamir Kabulowyň 16-njy awgustda "Eho Moskwy" radiostansiýasyna aýtmagyna görä, Žirnow Owganystanyň paýtagtyndaky Russiýa ilçihanasyna howpsuzlygyny üpjün etmek barada gepleşmek üçin "Talyban" wekilleri bilen duşuşmakçy bolýar. 


Ilkibaşda Moskwa ilçihanadaky işgärleriň sanyny üýtgetmejekdigini aýtsa-da, Kabulow ilçihanadaky käbir işgärlere tölegli rugsat beriljekdigini ýa-da başagaýlyk wagtynda işgärleriň sanyny azaltmak üçin ewakuasiýa ediljekdigini aýtdy.


Žirnow "Talyban" söweşijileriniň Russiýanyň ilçihanasyny eýýäm goraýandygyny aýtdy.


Žirnow "Rossiýa 24" telewideniýesine beren interwýusynda "şu gün bizi goraýan owgan milli howpsuzlyk harbylary gitdi. "Talybanyň" wekilleri işleýänleriň hiç biriniň başyndan gylyň gaçmajagyny aýtdylar we "arkaýyn işläberiň" diýdiler" diýip Žirnow aýtdy. Russiýanyň ilçihanada 100 töweregi işgär bar diýlýär.


Bir gün öň "Talyban" Owganystanyň paýtagty Kabulyň gözegçiligini ele geçirendigini yglan etdi. "Talyban" ABŞ-nyň goşunynyň 31-nji awgusta çenli Owganystandan çykarylmagyna gabatlap, birnäçe hepdäniň dowamynda eden hüjüminde ýurduň aglaba bölegini basyp aldy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса