Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2021

Eýran ýokary derejede baýlaşdyrylan uranyň önümçiligini artdyrýar

0
Eýran ýarag derejesine golaý möçberde urany baýlaşdyryp başlady diýip, BMG-niň atom gözegçilik edarasy aýdýar.


Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) 17-nji awgustda özüne agza döwletlere hödürlän hasabatynda, Eýranyň Natanz ýadro desgasynda ikinji kaskad sentrifugalary arkaly urany 60% arassalyk derejesinde baýlaşdyrýandygy mälim edilýär.


Düýbi Wenada ýerleşýän agentlik maýda Eýranyň bu derejedäki urany diňe bir kaskady ulanmak arkaly baýlaşdyrandygyny aýdypdy. 90% eýýäm ýarag derejesi diýlip hasap edilýär. Şol bir wagtda, daşap bolýan ýadro bombasyny öndürmek üçin başga-da tehniki ädimleriň amal edilmegi zerur.


Aprelde Eýran Natanz ýadro desgasyna edilen hüjüme jogap edip, urany 20% arassalyk derejesinden 60%-e çenli artdyrjakdygyny aýtdy. Tähran ýadro desgasyna edilen hüjümiň jogapkärçiligini Ysraýylyň üstüne ýükledi.


ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Trampyň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyndan çykyp, Tährana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizmeginden soň, Eýran ylalaşykda göz öňünde tutulan çäklendirmelerden el çekip başlady.


Ýadro ylalaşygyna laýyklykda, Eýran urany diňe 3,67% derejesinde baýlaşdyrmalydy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса