Polina Gurýewa "Türkmenistanyň at gazanan sport ussady" boldy, jaý, awtoulag bilen sylaglandy
Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan türkmen türgeni Polina Gurýewa döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy şu gün, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki sport toplumynda, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.
Tälimçiler A.Saryýewe Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni, A.Emirýana «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy.
59 kg çenli agram derejesinde çykyş eden türkmen türgeni silkip hem-de itekläp götermek boýunça iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça 217 kg (96+121) netijäni görkezdi we Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazanmagy başardy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dabarada okalan gutlagynda P. Gurýewanyň “türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülendigi” aýdylýar.
