Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2021

Britaniýanyň öňki premýer-ministri Bleýr Owganystandan çykylmagyny tankytlaýar

0
2001-nji ýylda öz ýurduny ABŞ bilen birlikde Owganystandaky urşa getiren britan premýer-ministri Toni Bleýr uruşdan tozan ýurduň “terk edilmegini” “howply” we “zerur däl” diýip atlandyrdy. 


Bleýr 21-nji awgustdaky beýanatynda  Günbatar harbylarynyň 21 ýyllyk uruşdan we terrorçylykly hüjümlerden soň bu ýurdy terk etmeginden Russiýanyň, Hytaýyň we Eýranyň peýdalanjakdygyny hem duýdurdy.


Bleýr bu sözleri özüniň Global özgerişlik üçin Toni Bleýr gaznasynyň web sahypasynda ýerleşdiren beýanatynda aýtdy.


"Owganystanyň we onuň halkynyň terk edilmegi pajygaly, howply, zerur däl, ne olaryň bähbidine, ne-de biziň bähbidimize" diýip, ol Owganystanyň hökümeti dargap, “Talyban” häkimiýeti ele geçireli bäri ýüze çykan krizis barada eden ilkinji çykyşynda aýtdy.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса