Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2021

"Talyban" daşary ýurt goşunlarynyň çykarylmagynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürýär

0
"Talyban" Owganystandan gaçmak isleýän müňlerçe adamy ewakuasiýa etmek ugrunda iş alyp barýan ABŞ-nyň we halkara güýçleriniň 31-nji awgusta çenli yza çekilmek üçin berlen möhleti uzaltmajakdygyny aýtdy.


"Bu gyzyl çyzyk. Prezident Baýden 31-nji awgustda ähli harby güýçlerini yza çekjekdigini aýdypdy. Şeýlelik bilen, uzaldylsa, bu olaryň okkupasiýany uzaltmagyny aňladýar, muňa zerurlyk ýok " - diýip, 23-nji awgustda görkezilen interwýuda "Talybanyň" wekili Suhaýl Şahin Sky News agentligine aýtdy.


"ABŞ ýa-da Beýik Britaniýa ewakuasiýany dowam etdirmek üçin goşmaça wagt gözlejek bolsa, jogap "ýok". Ýa-da netijeler bolup biler ... Bu biziň aramyzda ynamsyzlyk döreder. Eger okupasiýany dowam etdirmek isleseler, bu reaksiýa döreder" -diýip Şahin aýtdy. Ol nähili netijeleriň bolup biljekdigi barada jikme-jik maglumat bermedi.


Reuters habar gullugy yslamçy toparyň ady agzalmadyk iki çeşmesine salgylanyp, söweşijilere möhletiň uzaldylmagy barada habar berilmedik-de bolsa, soralan halatynda muňa rugsat berilmejekdigini aýtdy.


Baýden öz milli howpsuzlyk toparynyň, ABŞ-nyň raýatlarynyň, beýleki daşary ýurtlularyň we howp astyndaky owganlylary Owganystandan howpsuz çykarmak üçin ABŞ-nyň goşunynyň çykyş möhletini 31-nji awgustdan uzaltmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýandygyny 22-nji awgustda aýtdy.


Müňlerçe amerikan, britan we ýaran goşuny Kabulyň howa menziliniň goragyny üpjün etdi we harby hem-de raýat uçarlary daşary ýurtlulary we owganlary alyp barýarka, mähelläni uzakda saklamak we asudalygy üpjün etmek üçin göreşdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса