Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2021

FDA COVID-19 garşy Pfizer waksinasyny doly tassyklady

0
ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri müdirligi (FDA) "Pfizer Inc" we onuň Germaniýaly hyzmatdaşy "BioNTech" kompaniýasynyň 16 ýaşly we ondan uly ýaşly adamlara COVID-19 sanjymyny doly tassyklady we ony ilkinji doly tassyklanan waksina etdi. 


Guramanyň wezipesini ýerine ýetiriji Janet Wudkok "FDA-nyň bu sanjymy tassyklamagy, COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmegi dowam etdirmek üçin möhüm pursat" -diýdi.


"Millionlarça adam eýýäm COVID-19 sanjymlaryny arkaýyn alandyklaryna garamazdan, käbirleri üçin sanjymyň FDA tarapyndan tassyklamagy sanjym almak üçin goşmaça ynam döredip biljekdigini bilýäris" diýip, resmi aýtdy.


Mundan öň FDA üç sanjymy - Pfizer, Moderna we Johnson & Johnson sanjymlaryny adatdan daşary ýagdaýda ulanmak üçin ygtyýarnama beripdi.


Prezident Jo Baýden Pfizer waksinasyna FDA-nyň doly tassyklamasyny alan ilkinji bolmagyny "pandemiýa garşy göreşimizdäki möhüm pursat" diýip atlandyrdy.


Şeýle hem, Baýden has köp hususy kärhanadan işgärlere sanjym edilmegini talap etdi we amerikalylara: "Sanjymy almagyň wagty geldi, şu gün alyň" -diýdi.


Pfizer waksinasyna dekabr aýynda gyssagly ulanmak üçin ygtyýar berilenden soň diňe Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 204 milliondan gowrak adam bu sanjymy aldy. 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса