'Talyban' Kabulyň aeroportuny öz gözegçiligine aldy
31-nji awgustda owgan paýtagtynyň hemme ýerinde atyşygyň sesi eşidildi, şeýdip "Talybanyň" söweşijileri daşary ýurt güýçleriniň gidendigini dabaraladylar. Gyssagly we bulam-bujarlykly ewakuasiýa "Talybanyň" dolandyryşyndan gaçmaga synanyşan müňlerçe owganystanlyny öz yzynda galdyrdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary we onuň ýaranlary, "Talybanyň" Kabuly ele geçirenden bir gün öň, 14-nji awgustdan bäri 123 000-den gowrak daşary ýurtly we töwekgelçilik astyndaky owgan raýatlaryny Kabuldan ewakuasiýa etdiler.
ABŞ-nyň goşunlarynyň çykmagynyň yzýany söweş esbaply "Talyban" söweşijileri Kabulyň howa menzilini gözden geçirip, desgalary ele aldylar. "Los Angeles Times" gazetiniň habarçynyň çap eden wideosynda söweşijileriň angara girip, amerikan güýçleri tarapyndan galdyrylan uçarlary barlaýandygyny görmek mümkin. ABŞ-nyň harbylary taşlanan enjamlaryň hemmesiniň sandan çykarylandygyny aýdýarlar.
Howa menzilinde "Talybanyň" metbugat sekretary Zabihullah Mujahid ABŞ-nyň goşun çykarmagyndan soň Owganystanyň "doly garaşsyzlyk alandygyny" aýtdy.
Mujahud aşa yslamçy toparyň "ABŞ we dünýä bilen gowy gatnaşykda bolmak" isleýändigini, şol bir wagtyň özünde "Talybanyň" ýeňşiniň "beýleki basybalyjylar üçin sapak" bolandygyny duýdurdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken ABŞ-nyň Owganystandaky harby missiýasynyň tamamlanmagy bilen “täze diplomatik missiýasynyň başlandygyny” aýtdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Kabuldaky diplomatik işini togtadyp, işlerini Kataryň paýtagty Doha geçirmek bilen bir hatarda, Blinken amerikalylara we ABŞ-nyň pasportlaryna eýe bolan owganlara isleseler Owganystandan çykmaga kömek etmek üçin "yzygiderli tagallalaryny" dowam etdirjekdigini aýtdy.
