Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Ýanwar wakalarynda ölen çaganyň işi ýapyldy

0
Ýanwar aýynda bolup geçen wakalarda dört ýaşly Aýkorkemiň kellesine degen okdan ölendigi baradaky jenaýat işi "düzüminde jenaýatyň ýoklugy" sebäpli diýlip ýapyldy.


Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna bu maglumaty gyzyň kakasy Aýdos Meldehan habar berdi.


Kazyýet işi 30-njy dekabrda ýapylan hem bolsa, ol muny 5-nji ýanwarda bilip galandygyny aýtdy.


Şunuň bilen baglylykda ol, böwregini aýyrtmak üçin etdiren operasiýasyndan soň, öz jogapkärçiligi esasynda keselhanadan çykmaga mejbur bolandygyny gürrüň berdi.


Aklawçy Rafik Beýsebekow Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna bu işiň Gazagystanyň Içeri işler ministrliginiň Günorta sebit harby derňew bölümi tarapyndan ýapylandygyny aýtdy.


Aklawçy jenaýat işiniň ýapylmagy baradaky kararyň üstünden şikaýat etjekdigini aýtdy.

Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса