Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Pakistan 524 owgan migrantyny Karaçi türmesinden boşatdy

0
Ýüzlerçe owgan migranty günorta Pakistanyň port şäheri bolan Karaçiniň bir türmesinden boşadyldy diýip, owgan häkimiýetleri 7-nji ýanwarda aýtdy.


Boşadylan 524 owgan raýatynyň hatarynda 54 aýal we 97 çaga bar diýip, Yslamabatdaky owgan ilçihanasy aýtdy.


Pakistanyň polisiýasy geçen aý Karaçi şäherine kanuny syýahat resminamasy bolmazdan giren azyndan 1200 owgan raýatyny tussag etdi.


Gabalan owgan çagalarynyň suratlary onlaýn paýlaşylandan soňra, bu tussag etmeler tankyt edildi.


Pakistan ýurtda ýaşaýan owganlary, deport howpunyň öňüni almak üçin, Birleşen Milletlerde we ýerli häkimiýet edaralarynda hasaba durmaga çagyryp gelýär.

Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса