Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2023

ABŞ diplomaty Kosowa we Serbiýa gatnaşyklary bilen bagly diplomatiki durgunlygy bes etmäge çagyrdy

0
Kosowanyň we Serbiýanyň liderleri bilen gepleşikleri geçirmek üçin şu hepde Balkanlara sapar edýän ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty Derek Çollet Pristina bilen Belgradyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyryş gepleşikleriniň "möhüm pursata" ýetendigini we diplomatiki durgunlygy bes etmegiň wagtynyň gelendigini aýtdy.


Çollet, 11-nji ýanwarda Pristinada Kosowanyň premýer-ministri Albin Kurti we beýleki liderler bilen geçiren gepleşiklerinden soň, žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Birleşen Ştatlaryň "özara ykrar edilmäge esaslanýan gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy barada giňişleýin şertnama" üçin "diplomatik energiýa" sarp etmäge taýýardygyny belledi.


"Meniň pikirimçe, elimizdäki işe başlamagyň wagty geldi" diýip, ol aýtdy.


Waşington Ýewropa-Atlantik gurluşlaryna integrirlenen Kosowanyň garaýşyny paýlaşýar we onuň köpmilletli jemgyýetini güýç hökmünde görýär diýip, Çollet sözüne goşdy.


Emma ol Kosowanyň Brýussel şertnamasy boýunça ähli borçnamalary ýerine ýetirmelidigini, şol sanda aglaba serb ýaşaýjylaryndan ybarat häkimlikleriň birleşmesini döretmegiň zerurdygyny aýtdy. Agzalýan şertnama Kosowa-Serbiýa gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak boýunça ÝB-niň araçylyk etmeginde döredilen dialogdyr.


Geçen aý etniki serbler Kosowanyň demirgazygynda bir serbiň, öňki polisiýa işgäriniň tussag edilmegi sebäpli ýol böwetlerini ýerleşdirenden mahaly, Kosowa bilen baglanyşykly dartgynlylyk hasam güýçlenipdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса