Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Türkmenistanyň DIM-i Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasyna hüjümi ýazgardy

0
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasyna edilen ýaragly hüjümi ýazgardy.


"Türkmenistan diplomatik wekilhanalara edilýän hüjümleriň we diplomatik edaralaryň işgärlerine garşy islendik zorlugyň ulanylmagyna ýol berilmeli däldigini nygtaýar" diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 28-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.


27-nji ýanwarda Azerbaýjanyň ilçihanasyna hüjüm edilip, diplomatik missiýanyň howpsuzlyk gullugynyň başlygy öldürildi. Bu barada Azerbaýjanyň DIM-i habar berdi.


"Trend" habar gullugynyň maglumatynda merhumyň adynyň Orhan Askerowdygy aýdyldy. Maglumata görä, hüjümiň öňüni almaga synanyşan ilçihananyň iki goragçysy hem ýaralanypdyr. Olaryň ýagdaýy kanagatly diýilýär.


"Kalaşnikow" tüpeňi bilen ýaraglanan hüjümçi tussag edildi.

Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса