Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Peşawar metjidindäki partlamada azyndan 25 adam öldi, 120 adam ýaralandy

0
Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Peşawar şäherinde köp adamyň namaza toplanan metjidinde 30-njy ýanwarda, janyndan geçenleriň özlerini partlatmagy netijesinde, azyndan 25 adam ölüp, 120 çemesi adam ýaraly boldy diýip, polisiýa habar berdi.


Şaýatlaryň sözlerine görä, janyndan geçenler öň hatarda, ymamyň yzynda namaza durup, özlerini partladypdyrlar. Resmiler namaza duranlarynyň sanynyň 150 çemesi bolandygyny aýdýarlar. Ýene bir maglumatda metjide toplanan adamlaryň 260 çemesi bolandygy aýdylýar.


Namaza gelenleriň arasynda polisiýa işgärleri hem bar eken.


"Binanyň bir bölegi ýykyldy we birnäçe adamyň harabalygyň aşagynda galandygy aýdylýar" diýip, polisiýanyň işgäri Sikandar Han aýtdy.


Ýaralylaryň 10-15 sarysynyň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса