Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Eýranyň harby desgasyna dron hüjümi edildi

0
Partlaýjy enjamlar bilen ýaraglanan pilotsyz uçarlar öten agşam Eýranyň merkezi Isfahan şäherindäki goranyş desgasyny nyşana aldy diýip, Eýranyň Goranmak ministrligi 29-njy ýanwarda aýtdy we desga käbir zyýanyň ýetendigini habar berdi.


Isfahana edilen hüjüm ýurduň demirgazyk-günbatarynda nebiti gaýtadan işleýän zawodda turan ýangyn we onuň golaýynda bolan 5,9 magnitýudly ýer titremesinde üç adamyň ölendigi baradaky habaryň yz ýanyna gabat geldi.


Eýranyň Goranmak ministrligi hüjüm barada ujypsyz maglumat ýaýratdy we onuň arkasynda kimiň durandygy baradaky gümanyny aýtmady.


Mundan öň Eýran Ysraýylyň güman edilýän pilotsyz uçarlary tarapyndan nyşana alyndy. Ysraýyl resmileri Yspyhanda edilen hüjüm barada maglumat bermekden saklandy.


"The Wall Street Journal" biraz soň ABŞ-nyň ady aýdylmadyk resmilerine salgylanyp, bu hüjümi Ysraýylyň amala aşyrandygyny aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса