Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2023

Türkmen DIM-inde ABŞ-nyň ilçisi Metýu Klimou bilen duşuşyk geçirildi

0
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi Metýu Klimou bilen duşuşyk geçirdi.


Türkmen DIM-niň 9-njy fewralda çap eden habarynda aýdylmagyna görä, duşuşygyň barşynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlaryndaky ýagdaýy we ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.


Taraplaryň bilim we medeniýet ulgamynda, ylmy-gözlegler ugrunda halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge, taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmegi, goralmagy we rejelenmegi ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etmäge taýýardyklary tassyklanyldy.


Şeýle-de, habarda anyklaşdyrylmazdan aýdylmagyna görä, duşuşyk wagtynda ABŞ Ilçihanasynyň maglumat ulgamynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, sanly diplomatiýa ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça tekliplerine garaldy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса