Gyrgyz prezidenti ýurduň öňki liderleri bilen duşuşdy
![Gyrgyz prezidenti ýurduň öňki liderleri bilen duşuşdy](https://gdb.rferl.org/01000000-0aff-0242-69b3-08db11cfb9de_w800_h450.jpg)
Öňki prezident Almazbek Atambaýew döwlet baştutany Sadyr Žaparowyň ýurduň öňki ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygy baradaky pikirini aýtdy.
Onuň beýanaty Sosial-demokratlaryň lideri Temirlan Soltanbekowyň Facebook sahypasynda çap edildi.
Atambaýew öňki prezidentleriň arasynda bolan duşuşyga gatnaşandygyny tassyklap, oňa prezidentler Sadyr Žaparow we Milli howpsuzlyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy Kamçybek Taşiýew tarapyndan çagyrylandygyny we ol ýerden hoşlaşman çykyp gaýdandygyny, sebäbi “ýurtda agzybirlik döretmek bilen Bakyýwleriň yzyna dolanyp gelmeginiň arasynda uly tapawut görýändigini” aýtdy.
“Gaty köp gan döküldi, aşa köp zat ýatdan çykarylmaly däl we ýatdan çykarylyp bilinmez. Elbetde, jogapkärler jogapkärçilige çekilmeli. Özem ilki pidalaryň garyndaşlary bagyşlamaly. Prezident Sadyr Žaparowyň meniň aýdanlarymy eşitmegine we dogry karara gelmegine umyt baglaýaryn” diýip, Atambaýewiň beýanatynda aýdylýar.
Prezident Sadyr Žaparow biraz öň özüniň Facebook sahypasynda ýurduň öňki prezidentleri bilen duşuşandygyny aýtdy. Ol "ýolbaşçylar birleşmese, olaryň tarapdarlary birleşmez" diýip ýazdy. Onuň sözlerine görä, "olar biri-birini bagyşlamagy başardy".
Prezidentiň metbugat sekretary Erbol Soltanbaýew duşuşyga öňki prezidentler Askar Akaýewiň, Kurmanbek Bakiýewiň, Roza Otunbaýewawanyň, Almazbek Atambaýew we Sooronbaý Jeenbekowyň gatnaşandygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, "duşuşmak üçin bitarap territoriýa saýlanyp alyndy". Azatlygyň Gyrgyz gullugynyň çeşmesiniň maglumatyna görä, duşuşyk Dubaýda geçirildi.