Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2023

Serdar Berdimuhamedow Bahreýne sapar edýär

0
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 21-nji fewralda Bahreýn patyşalygyna sapara barar diýip, “Türkmenportal” neşiri 20-nji fewralda, patyşalygyň “Al-aýam” gazetine salgylanyp habar berdi.


Resmi beýanatda bellenmegine görä, türkmen prezidentiniň bu sapary onuň döwlet wezipesine girişenden soňra Bahreýne edýän ilkinji sapary bolar.


Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegine we birnäçe kabul edilşligiň bolmagyna garaşylýar.


Gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekiler, türkmen wekiliýeti Bahreýniň käbir taryhy we häzirki zaman ýerleri bilen tanşar diýip, habarda bellenýär.


Şu aralykda türkmen metbugaty Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar döwletiniň emiriniň adyndan "özi üçin islendik amatly wagtda" Katara sapar etmäge çagyrylandygyny habar berdi.


Bu çakylyk oňa Birleşen arap emirliklerine (BAE) eden saparynyň yz ýanyndan gowşuryldy.




 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса