Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2023

AŞTU internet hyzmatynyň tizligini ýokarlandyrýar, nyrhyny arzanladýar

0
“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan ilata berilýän Internet hyzmatlarynyň tizligini ýokarlandyrmak we şol bir wagtda onuň nyrhlaryny arzanlatmak, ýokary tizlikli täze nyrhnamalary girizmek çäresine badalga berilendigi barada habar berýär.


AŞTU-yň saýtynda aýdylmagyna görä, täze girizilen nyhnamalara laýyklykda, hyzmatyň 1 aýlyk bahasy (öý interneti üçin) aşakdaky görnüşde kesgitlenýär:


Tizligi 1 mb/s internet hyzmaty üçin – 150 manat;

Tizligi 2 mb/s internet hyzmaty üçin – 180 manat;

Tizligi 4 mb/s internet hyzmaty üçin – 230 manat;

Tizligi 6 mb/s internet hyzmaty üçin – 280 manat.


Öň tizligi 512 kb/s Internet hyzmatyndan peýdalanýan we aýda 150 manat töleýän müşderiler awtomatik usulda, nyrhyny (150m) üýtgetmezden 1 mb/s tizlikli internet hyzmatyna geçirilýär, 1 mb/s iň pes tizlikli internet hyzmaty bolup durýar diýip, bildirişde aýdylýar.


Öň aýyna 200 manat töleýän we 2 mb/s tizlikli Internetden peýdalanyp gelen müşderileriň nyrhnamasy awtomatik usulda, şol bir tizlik bilen aýda 180 manat nyrhnama geçirilýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса