Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2023

Täjigistan Owganystanyň töwereginde “howpsuzlyk guşagyny” döretmäge çagyrýar

0
Täjigistan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) agzalaryny Owganystandan bikanun çykarylýan neşe maddalaryna garşy göreşmek üçin garaşsyz agentlik döretmäge çagyrdy.


Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň aýtmagyna görä, ol geçen hepde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň resmileriniň Hindistanda geçirilen ýokary derejeli duşuşygynda çykyş edip, Owganystanyň töwereginde "howpsuzlyk guşagyny" döretmegiň möhümdigini öňe sürüpdir.


Bu teklip Badahşan sebitinde hökümet güýçleri bilen neşe gaçakçylarynyň arasynda bolan çaknyşykda bir täjik esgeriniň öldürilmeginiň yz ýanyndan edildi.


Täjigistanyň neşe serişdeleriniň esasy öndürijisi bolan Owganystan bilen 1300 kilometrden gowrak (780 mil) umumy araçägi bar.


Owganystan bilen 700 kilometrden gowrak umumy araçägi bolan Türkmenistanda hem wagtal-wagtal ele salnan neşe maddalary ýakylyp ýok edilýär.


Emma türkmen häkimiýetleri ýurda bikanun ýollar bilen getirilýän neşe serişdeleri, olaryň nireden we nähili ýagdaýda geçirilýändigi barada ilata açyk maglumat bermeýär.




 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса