Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2023

Rus ilçisi täjik raýatlarynyň köpçülikleýin tussag edilmegi sebäpli DIM-e çagyryldy

0
Russiýanyň Täjigistandaky ilçisi Semýon Grigoriýew 24-nji maýda, Russiýada köpçülikleýin tussag edilen täjik raýatlary baradaky maglumatlar arasynda, Daşary işler ministrligine çagyryldy.


"Duşuşykda ilçiniň ünsi Russiýanyň çäginde dürli bahanalar bilen köpçülikleýin tussag edilen täjik raýatlary barada çykan maglumatlar sebäpli dörän alada çekildi" diýip, Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda çap edilen habarda aýdylýar.


Täjik häkimiýetleri "bar bolan we ýüze çykýan migrasiýa meselelerine bilelikde jogap bermegiň zerurdygyny, migrasiýa meselesi boýunça bilelikde görülmeli çäreler işlenip düzülende utgaşykly hereket etmegiň möhümdigini" aýtdylar.


Rus ilçisi bilen bolan duşuşykda 19-njy maýda Komsomolsk-Amur şäherindäki Döwlet uniwersitetiniň 3-nji umumy ýaşaýyş jaýynda Russiýanyň howpsuzlyk işgärleri tarapyndan urlup-ýenjilen ýüzden gowrak täjigistanly okuwçy barada hem jikme-jik gürrüň edilendigi bellenilýär.




 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса