Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Gazagystanyň öňki prezidentini masgaralamak jenaýat hasaplanmaz

0
Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň öňki prezidentden daşlaşmagyny dowam etdirmeginiň arasynda, Gazagystanyň kanun çykaryjylary Jenaýat kodeksinde Nursoltan Nazarbaýewi masgaralan raýatlar babatynda kazyýet jogapkärçiligini göz öňünde tutýan kanun maddasyny ýatyrmakçy bolýarlar.


Gazak kanun çykaryjysy Snežanna Imaşewa 1-nji iýunda Jenaýat kodeksiniň 373-nji maddasynyň ýatyrylyp bilinjekdigini aýtdy.


Bu kanun maddasynda Gazagystanyň ilkinji prezidentini açyk masgaralan ýa-da onuň abraýyna we mertebesine ol ýa-da beýleki görnüşde şek ýetiren raýatlaryň bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilinjekdigi aýdylýar.


Ýurduň Adalat ministrligi biraz soňra Imaşewanyň aýdan sözlerini tassyklady.


Üç onýyllyga golaý berk gözegçilikde saklanan ýurduň täze prezidenti, Nazarbaýew 2019-njy ýylda işden çekilenden soň häkimiýet başyna gelen Tokaýew 2022-nji ýylyň ýanwaryndan bäri birnäçe göçüm etdi.


Gazagystanyň kanun çykaryjylary 373-nji maddanyň öçüriljekdigi baradaky habardan dört aý gowrak ozal ilkinji prezidentiň “Milletiň lideri” ýa-da “Elbasy” derejesi baradaky kanuny ýatyrypdylar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса