Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Blinken Ysraýyl lobbisine Eýranyň ýadro ýaragyny edinip bilmejekdigini aýtdy

0
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 5-nji iýunda ABŞ administrasiýasynyň Eýranyň Ysraýyla iň uly howpdugy baradaky pikirinde berk durýandygyny  we Tähranyň ýadro ýaragyny edinmegine hiç haçan ýol berilmejekdigini gaýtalady.


"Eger-de Eýran diplomatiýa ýoluny ret etse, prezident [Jo] Baýdeniň gaýtalap aýdyşy ýaly, Eýranyň ýadro ýaragyny edinmezligi üçin mümkin bolan ähli çäre görler" diýip, Blinken Waşingtondaky Ysraýyl tarapdar topara, AIPAC lobbisine ýüzlenip aýtdy.


Şeýle-de, Blinken Saud-Ysraýyl kadalaşmasynyň Waşington üçin örän möhüm bolup durýandygyny aýtdy. "Birleşen Ştatlaryň Ysraýyl bilen Saud Arabystanynyň arasynda kadalaşmagy ösdürmekde hakyky milli howpsuzlyk bähbidi bar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса