Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Özbegistanda okuwçysyny zorlan terbiýeçä 12 ýyl berildi

0
Özbegistanyň Kaşkadarýa sebitinde bir maşgala ýetimler öýüniň başlygy 13 ýaşly okuwçyny zorlamakda günäli tapylyp, türme tussaglygyna höküm edildi. 


Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy Gazeta.uz neşirine salgylanyp, onuň kazyýet seljermesiniň iki aý dowam edendigini habar berýär.


Kaşkadarýa sebitiniň Çirakçi etrap kazyýeti 6-njy iýunda 1-nji maşgala çagalar öýünde 13 ýaşly okuwçyny zorlamakda günäli tapylan 52 ýaşly K.T.-ny 12 ýyl azatlykdan mahrum etdi.


Özbegistanyň Ýokary kazyýetiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, ýapyk mejlisde geçirilen kazyýet işine kazy A.Taşew ýolbaşçylyk etdi.


Jenaýat edilen çagalar öýüne sekiz ýetim kabul edilipdir.


Özbek gullugy maşgala ýetimler öýüniň başlygy tarapyndan zorlanan gyzyň göwreli bolandygyny we çagasyny düşürtmäge mejbur edilendigini habar berdi.  


 

Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса