Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Gyrgyz kazyýeti aktiwist Bekiýewi alty ýyl azatlykdan mahrum etdi

0
Sentýabr aýynda Russiýadan deportasiýa edilen gyrgyz aktiwisti we hökümet tankytçysy Emil Bekiýew köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramak niýetinde aýyplanyp, alty ýyl azatlykdan mahrum edildi.


Bişkekdäki Birinçi Maý etrap kazyýeti 13-nji iýunda Bekiýewiň höküminiň 11 gün öň çykarylandygyny, onuň köpçülikleýin bidüzgünçilikleri meýilleşdirmekde, häkimiýeti ele geçirmäge çagyrmakda we ýigrenji öjükdirmekde günäli tapylandygyny aýtdy.


Kazyýetiň beýanatyna görä, Bekiýew bigünädigini, internetde ýerleşdiren wideolarynda beýle hereketlere çagyryş edilmeýändigini aýtdy.


Bu wideolar onuň garşysyna jenaýat işiniň açylmagyna sebäp edilip görkezilýärdi.


Bekiýew geçen ýylyň 7-nji sentýabrynda Russiýadan deportasiýa edildi we şobada tussag edildi.


Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komiteti şol wagt onuň Facebookda ýerleşdiren wideolaryndan gelip çykýan agyr jenaýatlarda aýyplanýandygyny, bu wideolaryň gyrgyz jemgyýetçiliginde "zorluga we ýigrenje sebäp bolup biljekdigini" aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса