Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Adam hukuklary barada ýazan gazak žurnalisti Gürjüstanda öldürildi

0
Resmiler gazak žurnalisti Žanbota Tolegeniň maý aýynyň aýagynda Gürjüstanyň Telawi şäherinde öldürilendigini aýdýarlar.


Tolegeniň kärdeşi Nazira Darimbet Tolegeniň Gürjüstanyň gündogaryndaky Kakheti sebitinde bir tanşy bilen bolan dawada öldürilendigini, 18-nji iýunda bu barada Gazagystanyň Içeri işler ministrliginden resmi hat alandygyny aýtdy.


Tolegen Gürjüstana eden şahsy sapary wagtynda öldürilipdir. Ministrligiň maglumatyna görä, Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi gazak kärdeşlerine jenaýatda güman edilýän adamyň tussag edilendigini habar berdi.


Mongoliýada doglan Tolegen Gazagystanda adam hukuklary barada ýazan makalalary bilen giňden tanalýardy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса