Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Türkmenistanda döwletiň ýene 46 desgasy satylar

0
Türkmen metbugaty döwlet eýeçiligindäki desgalaryň satuwa çykarylmagynyň dowam etdirilýändigini habar berýär.


Habarda aýdylmagyna görä, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bu gezek döwlet eýeçiligindäki 46 desganyň, şol sanda dükanlaryň, kafeleriň, naharhanalaryň, saglyk merkezleriniň, dolandyryş binalarynyň we önümçilik desgalarynyň bäsleşikli söwda çykaryljakdygyny yglan etdi.


“Biznes Türkmenistan” neşiriniň resmi metbugata salgylanyp ýazmagyna görä, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalar 5-nji iýulda sanly platformanyň, ýagny www.е.fineconomic.gov.tm saýtynyň we bu platformanyň mobil goşundysynyň üsti bilen geçiriler.


Habardan görnüşine görä, Lebap welaýatynda ýerleşýän maldarçylyk we guşçulyk fermasy, “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi, Daşoguz welaýatyndaky turba zawody we Aşgabatda ýerleşýän “Nur Zaman” hojalyk jemgyýetiniň edara binasy döwlet eýeçiliginde saklanyp bilmän, satuwa çykarylmaly boldy.


Türkmenistanda döwlet serişdesine gurulýan desgalara edilen çykdajylar, olaryň iş, önümçilik ýagdaýlary barada açyk maglumat almak mümkinçiligi ýok.


Şeýle-de, türkmen hökümeti satuwa çykarylýan desgalaryň maliýe ýagdaýy, işgär sany, işini ýitirýän ýa-da täze hünär öwredilýän adamlar baradaky maglumatlary çap etmeýär.


 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса