Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Krymdaky rus polisiýasy ýene iki tatary, iki dogany tussag etdi

0
Moskwa tarapyndan anneksiýa edilen Krymyň rus polisiýasy iki dogany, krym tatarlary Jafer we Alim Alyustaýewleri tussag etdi. Olar 20-nji iýunda, sebäbi aýdylman öýleri döküleninden soň alnyp gidildi diýip, adam hukuklaryny goraýan “Krym raýdaşlygy” topary aýdýar.


Toparyň maglumatyna görä, Russiýanyň Krymdaky hukuk goraýjy edaralary diňe 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde, syýasy sebäpler esasynda, 49 sany krym tataryny tussag etdi.


Krym 2014-nji ýylda bikanun anneksiýa edileli bäri, köpüsi anneksiýa açyk garşylyk görkezeninden soň, Russiýa ýarym adanyň ýerli etniki toparyna, krym tatarlaryna garşy barha kän basyş etmäge başlady.


Rus häkimiýetleri şondan bäri geçen döwürde onlarça tatary uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса