Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Gazak Senaty daşary ýurtlara çykarylan serişdeleri yzyna getirmek baradaky kanuny tassyklady

0
Gazak parlamentiniň ýokarky palatasy, Senat 29-njy iýunda daşary ýurt banklaryna bikanun geçirilen maliýe emläklerini yzyna gaýtarmak baradaky kanun taslamasyny tassyklady.


Bu taslama iýun aýynyň ortalarynda parlamentiň aşaky palatasynda tassyklandy. Indi oňa prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň gol çekmegine garaşylýar.


Bu kanun taslamasy 2022-nji ýylyň ýanwarynda hökümete garşy guralan halk protestleriniň ganly gozgalaňa ýazmagy bilen, Tokaýewiň öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň klanyny syýasy sahnadan daşlaşdyrmak tagallalarynyň çäginde başlandy.


Tokaýew we onuň hökümetiniň köp agzasy Nazarbaýew toparynyň öňki agzalary bolansoň, Gazagystanda köp adam bu kanuna şübheli garaýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса