Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Daşkent bilen Budapeştiň arasynda göni uçar gatnawy açyldy

0
20-nji awgustda Daşkent bilen Budapeştiň arasynda göni uçar gatnawy açyldy.


Bu ylalaşyk Özbegistan bilen Wengriýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek kararyna gelen döwletara şertnamalarynyň esasynda gazanyldy.


Wengriýanyň daşary işler ministri Piter Siýarto 18-nji awgustda Budapeştde geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş edip, Daşkentden ugran ilkinji uçaryň 20-nji awgustda Budapeştde gonjakdygyny, sentýabr aýynyň ortalaryndan bolsa Daşkent bilen Budapeştiň arasyndaky göni uçar gatnawlarynyň hepdede iki gezek amala aşyryljakdygyny aýtdy.


Ministriň sözlerine görä, täze ýyldan bu uçuşlaryň sany hepdede üçe ýetiriler.


Siýarto Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada gürrüň edip, Türkmenistan bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda Budapeştde Türkmenistanyň  we Aşgabatda Wengriýanyň ilçihanalaryny açmakçy bolýandyklaryny aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса