Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Rus kolbasaçysy türkmen bazaryndaky geljegini uly hasaplaýar

0
Russiýanyň “Abi” kompaniýasy şu aýda Türkmenistana öz öndürýän “Wýazanka”, “Starodworýe”, “Bawaruşka kolbasalarynyň ilkinji 16 tonnasyny eksport etdi diýip, “Newscentralasia” we “Türkmenportal” neşirleri habar berýär.


“Abiniň” önümleri Türkmenistanyň uly şäherleriniň ählisinde wagyz edilýär we kompaniýanyň wekilleri häzir “doňdurylan ýarym taýýar” we “doly taýýar” görnüşinde hödürlenýän önümleriniň sanawyny giňeltmek barada gepleşik geçirýärler diýip, habarda aýdylýar.


Satuw bölüminiň müdiri Roman Otodrakanyň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýada “Abiniň” önümlerini import edip başlan Türkmenistan Gazagystandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan soň dördünji ýurt boldy.


Ol “Abiniň” türkmen bazaryndaky geljegini uly hasaplaýar.


Gadymdan gelýän maldarçylyk ýurdy bolan Türkmenistan soňky onýyllyklarda, ýerli maldarçylygyň çökmegi bilen, daşary ýurtlardan et önümlerini import etmäge barha kän ýykgyn edýär diýip, synçylar aýdýar.


Türkmen hökümeti ýurtda azyk howpsuzlygynyň doly üpjün edilendigini öňe sürüp, import edilýän azyk önümleriniň mukdary, olara harçlanýan altyn pullar baradaky maglumatlary çap etmeýär.




 

Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса