CPJ Bişkegi Kloop Mediany ýapmaga gönükdirilen çärelerden çekilmäge çagyrýar
Kloop 28-nji awgustda alty gün ozal Gyrgyzystandaky işiniň togtadylmagy üçin görülýän çäre bilen habardar edilendigini aýtdy.
Neşir bu çäräniň hökümeti tankytlaýan materiallary çap etmegi bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýär.
Kloopyň baş redaktory Anna Kapuşenko muny metbugaty basyp ýatyrmak üçin görülýän ‘dowamly çäreleriň’ bir bölegi diýip atlandyrdy.
CPJ bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin Gyrgyzystanyň prezidentiniň metbugat sekretary, Milli howpsuzlyk komiteti we Bişkek şäher prokurory bilen habarlaşmaga synanyşandygyny, ýöne munuň netijesiz bolandygyny aýtdy.
