Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2023

AÖB Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi baradaky çaklamasyny peseldýär

0
Aziýanyň Ösüş Banky (ADB) Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň şu ýyldaky ösüşi barada aprel aýynda eden çaklamasyny üýtgedip, 6,5% bolanlygyndan 6,2%-e çenli peseltdi diýip, “Interfaks” Aşgabatdan habar berýär.


Neşir  bu habary  bankyň sentýabr aýyndaky hasabatyna salgylanyp çap etdi.


Ýöne bank ýurduň jemi içerki önüminiň 2024-nji ýylda 6% ösjekdigi baradaky garaýşyny öňki durkunda saklady.


Şol bir wagtda, AÖB inflýasiýa baradaky çaklamasyny gowulandyrdy, ýagny aprel aýyndaky synynda 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistandaky inflýasiýanyň 10% boljakdygyny aýdan bolsa, indi bu çaklamany 8% -e çenli peseltdi.


Synçylar Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasan energiýa eksportyndan gelýän girdejilere daýanýandygyny, oba hojalygynyň çökerilendigini  we ilatyň aglaba köplüginiň hor ýaşaýandygyny, milli manadyň hümmetiniň ýyl-ýyldan peselýändigini aýdýarlar.


Abraýly halkara guramalary Türkmenistanyň berýän resmi sanlaryndaky ösüş görkezijilerine köplenç ygtybarly maglumat hökmünde garamaýarlar.




 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса