Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2023

Türkmen prezidenti ABŞ-nyň prezidentiniň howa wekili bilen duşuşdy

0
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ saparynyň çäklerinde ABŞ-nyň prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşdy diýip, türkmen metbugaty hiç bir jikme-jikligi açmazdan habar berýär.


Duşuşykda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.


Türkmenistan “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek strategiýasyny durmuşa geçirip, dürli pudaklara ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär diýip, habarda bellenýär.


Şeýle-de, habarda ABŞ-nyň prezidentiniň ýörite wekiliniň Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işine ýokary baha berendigi aýdylýar.


Türkmenistan howa goýberýän zyýanly gazlarynyň mukdarynyň aşa köp bolmagynda tankyt edilýär.




 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса