Bişkekde zibiller üçin täze sanitar zolagy açyldy
![Bişkekde zibiller üçin täze sanitar zolagy açyldy](https://gdb.rferl.org/01000000-c0a8-0242-9fa9-08dbdaa77a96_cx0_cy10_cw0_w800_h450.jpg)
31-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäheriniň eteginde, täze sanitar-zibilhana ýer uçastogy açyldy. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Gyrgyzystandaky wekilhanasy habar berdi.
Munuň şu ýurtda gurlan ilkinji zibilhana uçastogydygy aýratyn bellenilýär. Ol daşky gurşawyň milli we Ýewropa kadalaryna laýyklykda gurlupdyr.
Möçberi 1,9 million kub metr giňlikde bolan bu zibilhana Bişkek şäherine durmuşda ulanylan gaty jisimlerden bolan galyndylary geljekki 10 ýylyň dowamynda, howpsuz ýerleşdirmäge mümkinçilik berer. Ýer uçastogynyň suw geçirmeýän ulgamy bilen enjamlaşdyrylmagy hapalanan suwlary arassalamaga we hapa erginleriň ýerasty suwlara goşulmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär.
Zibil taşlamak üçin, täze ýer uçastogynyň gurulmagy galyndylaryň ýygnalmagyny gowulandyrmak boýunça döwrebap işlerden biri bolup durýar hem-de Bişkek şäherindäki zyňyndylary mümkin boldugyça tygşytlaýar. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy üçin, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky 22 million ýewro karz bölüp berdi we Ýewropa Bileleşigi hem 8 million ýewro kepillik berdi.
«Alnan serişdeleriň hasabyna «Тазалык» önümçilik birleşigi zibilleri täzeden işleýän döwrebap ýük maşynlaryny satyn aldy we olaryň işleýşine gözegçilik etmek üçin, GPS nawigasiýa ulgamyny edindi. Berlen maliýe serişdeleriň kömegi bilen zibilleri toplap goýup boljak, täze uçastoklary gurmaga mümkinçilik döredi» diýip, Ýewropa Bileleşiginiň Gyrgyzystan respublikasyndaky wekilhanasy habar berdi.
2015-nji ýylda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Bişkek şäheriniň golaýynda, täze sanitar-zibilhana ýerleriniň gurluşygyny goldapdy hem ol gurluşyk 2021-nji ýylyň iýun aýyna çenli gurlup gutarmalydy. Täze sanitar-zibilhananyň territoriýasynda zibilleri hem galyndylary sortlaýjy zawody gurmak hem meýilleşdirildi. Emma 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky tarapyndan bölünip berlen 22 million ýewrodan, kärendeçiniň 10,5 million ýewro özleşdirendigi mälim boldy we ahyrky netijede, boýun alnan borçnamalaryň ýerine ýetirilmändigi ýüze çykdy.
Soňra mälim bolşuna görä, Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy täze sanitariýa-zibilhana ýer uçastogynyň we zibilleri sortlaýjy zawodyň taslamasynyň ýerine ýetirilmedik sebäpleri bilen baglanyşykly 4 jenaýat işini açdy. Bişkek şäheriniň häkimliginiň barlag gullugy we Hasaplar palatasy Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky tarapyndan bölünen serişdeleriň nädip harçlanandygyny barladylar.
2022-nji ýylyň aprel aýynda, "Bişkek sanitariýa ýer uçastogynyň" şäher kärhanasynyň öňki direktorynyň tussag edilendigi belli boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.