Hasabat: London korrupsiýa garşy göreşde we Russiýanyň sanksiýalaryndan gaça durmakda, Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlyk etmeli
Beýik Britaniýanyň parlamentiniň daşary işler komiteti 14-nji noýabrda «Çatrykdaky ýurtlar: Beýik Britaniýanyň Merkezi Aziýa bilen gatnaşygy» atly hasabaty çap etdi.
Iňlis parlamentiniň «Çatrykdaky ýurtlar: Beýik Britaniýanyň Merkezi Aziýa bilen gatnaşygy» ady bilen çap eden hasabatynda, Beýik Britaniýanyň maliýe hyzmatlaryny sebitiň bikanun maliýe kanallaryny aklamak üçin ulanylmajagy barada, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen kepillik talap edýän, ýokary derejedäki yzygiderli diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga çagyryş edilýär.
Şeýle hem hasabatda, Beýik Britaniýanyň ministrleri bilen Merkezi Aziýada Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwletleriniň arasyndaky ýokary derejeli işjeň gatnaşyklaryň netijesizdigi nygtalýar.
«Bu özara gatnaşyklary iki taraplaýyn esasda hem-de sebitleýin toparyň çäginde, geosyýasy zerurlyk hökmünde çuňlaşdyrmagy komitet Premýer-ministrden we Döwlet müdirliklerinden, geljekki üç ýylyň dowamynda bäş ýurduň ählisi bilen işjeň meşgullanmaga çagyrýar» diýip, hasabatda aýdylýar.
Beýik Britaniýa Merkezi Aziýadaky parahorluga batan ýolbaşçylary üçin hereketlendiriji gural we sebitden gizlin çykýan kapitalyň esasy düwünçegi bolup durýar diýlip, hasabatda bellenilýär. Beýik Britaniýanyň maliýe jenaýatlaryndan ýeterlik derejede goranyp bilmezligi kleptokratik awtokratlara kömek etmek görnüşini bildirýär diýip, komitet hasap edýär.
Barlag edýän baý adamlary bilen deňeşdirilende, Britan agentlikleriniň serişdeleri ýetmezlik edýär, şonuň üçinem hasabatda Beýik Britaniýanyň hökümetini kanun goraýjy edaralary, şol sanda jenaýata garşy Milli göreş agentligi we düýpli ýalançylygyň öňüni almak edarasy üçin, serişdeleri artdyrmaga çagyrýar.
Hasabatda gelip çykyşy nämälim bolan baýlygyň ugurlary boýunça (UWO) Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy goldamak we ösdürmek, ogurlanan döwlet emlägini Beýik Britaniýadan yzyna gaýtarmak boýunça jenaýata garşy Milli göreş agentligine çagyryş beýan edilýär.
Hasabatda Merkezi Aziýadaky neşe söwdasynyň höküm sürýän elitalaryň we guramaçylykly jenaýatçylygyň arasynda, ýakyn baglanyşyklaryň bardygy we neşe söwdasyndan gelen girdejileriň Londonyň üsti bilen ugradylýandygy bellenýär. Komitet Beýik Britaniýanyň öz jogapkärçiliginden gaça durup bilmejekdigini nygtaýar: sebäbi ol bikanun söwdadan gelýän girdejileriň ýuwulmagyna şärikdir.
Mundan daşary-da, hasabatda Orsýetiň Merkezi Aziýa döwletleriniň üsti bilen sanksiýalardan gaça durmak meselesi ýatlanýar. Hasabatda Britaniýanyň hökümetine Merkezi Aziýanyň orta we uzak möhletleýin şertlerde, öz ykdysadyýetiniň Russiýanyň ykdysadyýetine baglylygyny azaltmak üçin, ol ýurtlar bilen iş alyp barmaga çagyryş bar. Şeýle hem Londonyň we Beýik Britaniýanyň hyzmatlaryndan peýdalanyp, sanksiýalardan gaça durmak bilen meşgullanýan subýektleriň mümkinçilikleriniň ýapylmalydygy aýdylýar.
Komitet Orsýetiň Merkezi Aziýadaky ýalan maglumatynyň howpludygyny nygtaýar we rus döwletiniň ýaýradýan mekir habarlarynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň özygtyýarlygyna güýçli täsir edýändigini öňe sürýär.
Hasabatda şeýle-de, Russiýanyň tapdan düşmeginden peýdalanyp, Hytaýyň Merkezi Aziýada täsirini artdyrýandygy aýdylýar.
Britan parlamentiniň daşary işler komiteti öz ýurdunyň ministrlerini Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda, sebitleýin hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýanyň jemgyýetiniň we işewürliginiň baýlaşdyrjak başlangyjy hökmünde goldamaga çagyryş edýär.
Beýik Britaniýanyň Merkezi Aziýa bilen işjeň gatnaşyklaryndaky esasy kynçylyklarynyň biri hem kleptokratik awtokratlaryň maliýe jenaýatçylygyna garşy çäreleriň ýeterlik derejede berjaý edilmezliginiň dowam etdirilmegi diýlip, hasabatda nygtalýar. Britaniýa öz hereketsizligi bilen bu jenaýatlara şärikdeş bolýarlar diýip, britan parlamentiniň komiteti tassyklaýar.
«Merkezi Aziýanyň elitalary neşe söwdasynyň girdejilerini Londonyň edaralarynda ýuwýarlar. Aşa baý elitalaryň elinde bolan baýlyk Britaniýanyň kanun goraýjylaryňkydan artyk, olar goşmaça serişdä ýiti mätäç" diýip, hasabatda aýdylýar.
"Sebitde, hususan-da, hökümetler tarapyndan adam hukuklaryny bozmak bilen bagly ençeme böwetleri aýdyň görse bolýar" diýip, bu meselä hem komitet ünsi çekýär. Hasabaty taýýarlan awtorlarynyň pikirine görä, sebitiň halkynyň durmuşyny gowulandyrmak we demokratiýanyň goralmagy üns merkezinde durmalydyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.